RSS

SOŇKY HABARLAR

27 Mar

Türkmenistanyň DIM-nde Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistan bilen Sebit merkeziniň bilelikdäki işleriniň dürli taraplary seljerildi. Türkmenistan bilen BMG-niň Sebit merkeziniň...

DOWAMY
25 Mar

Türkmenistan we TÜRKSOÝ köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýärler

2024-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» hökmünde yglan edilmegi bilen mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşmak maksady bilen gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýewyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Dabaraly çärelere gatnaşýandygy üçin guramanyň Baş sekr...

DOWAMY
25 Mar

Türkmenistanyň wekiliýeti Parlamentara Bileleşiginiň 148-nji Assambleýasynyň işine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 23-24-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Parlamentara Bileleşiginiň 148-nji Assambleýasynyň işine gatnaşmak maksady bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýeti gender syýasatynyň ugurlaryna we durnukly parahatçylygy üpjün etmekde parahatçylyk dörediji zenanlaryň ornuna bagyşlanan Zenan p...

DOWAMY
25 Mar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi

2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup 86 döwlet çykyş etdi.

DOWAMY
23 Mar

Türkmenistanyň DIM-niň beýanaty

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň “Crocus City Hall” konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär. Merhum bolan adamlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanjymyzy hem-de goldawymyzy bildirýäris. Ejir çekenleriň ählisine tiz sagalmaklaryny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

DOWAMY
21 Mar

Ulag hyzmatdaşlygy türkmen-italýan gepleşikleriniň üns merkezinde

2024-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen wekiliýetiniň Rime amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew bilen Wise-premýer, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Italiýanyň ulag pudagynyň esasy bölümleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Taraplar demir ýol we deňiz ulaglary pudagynda hyzmatda...

DOWAMY
21 Mar

Türkmenistan we Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýärler

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynda iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Rimde  türkmen wekiliýeti bilen Wise-premýer we Italiýanyň Daşary işler ministri Antonio Taýaniniň arasynda gepleşikler geçirildi. Daşary işler ministrleri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanpewer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ar...

DOWAMY