Minskde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda Maksim Tank adyndaky Belarus döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda 2016-njy ýylyň Turkmenistan Watanymyzda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryş dabarasy boldy we medeni çäre geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy we "Maksim Tank" adyndaky Belarus döwlet mugallymçylyk uniwersitetinde okaýan türkmen talyplarynyň ildeşligi tarapyndan gurnaldy. 

Geçirilen dabara şol okuw jaýynda okaýan türkmen hem-de başga ýurtlardan gelen talyplar, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümi gatnaşdylar.