PRESS–RELIZ "AZIADA-2017"

Giriş
2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler; bu oýunlarda sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşmek üçin Okeaniýanyň we Aziýanyň 62 Milli Olimpiýa Komitetlerine wekilçilik edýän 5,500 türgen gatnaşar.
Biziň ýurdumuz üçin taryhy waka bolup, Aşgabat – 2017-niň oýunlary Türkmenistanda geçiriljek ilkinji uly göwrümli, köp-ugurly sport çäreleriniň birine öwrüler. Bu uly sport çäreleri geljekde Aşgabat şäheri we bütin ýurt boýunça şular ýaly uly göwrümli çäreleri halkara derejesinde geçirmekde uly tejribe bolar. 

Taryhy
2010-njy ýylda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň arasynda 2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda” ylalaşyga gol çekildi.

2010-njy ýylyň noýabr aýynda türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa boýunça iň iri sport toplumynyň düýbi tutuldy. Bu toplum 30 -dan gowrak, şol sanda ýaryş geçirilýän desgalary, ýaşaýyş-durmuş, ulag we başga düzümleri öz içine alýar. 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlayk görmek Guramaçylyk komiteti döredildi.

Gatnaşýan ýurtlar
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän oýunlaryň taryhynda ilkinji gezek bu oýunlara Aziýa ýurtlaryndan başga-da Okeaniýa ýurtlaryndan türgenler gatnaşar we şeýlelik bilen, gatnaşýan ýurtlaryň sany 62-ä ýeter.

Sportuň görnüşleri
Oýunlar sportuň 21 görnüşi boýunça geçiriler. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda öň bar bolan sport görnüşleriniň 19-dan başga-da türkmen milli göreşi we atly konkur görnüşleri ýaryş meýilnamasyna goşuldy. Bu teklip Aziýanyň Olimpiýa komiteti tarapyndan kabul edildi we tassyklanyldy.

Resmikeşp we tumar
Oýunlar Türkmenistanyň gadymy däp - dessurlaryndan başlap, häzirki döwre çenli bolan gymmatlyklary bütin dünýä ýaýar. Oýunlaryň resmikeşbi bizi Beýik Ýüpek ýoly boýunça gaýybana syýahat geçirler, tumar bolsa Türkmenistan ýurduna mahsus we özboluşly bolup durýar. 
Aşgabat – 2017-niň resmikeşbi Türkmenistanyň taryhy ýoluny geçmişden geljege sagdynlyk, ruhubelenlik, dostluk arkaly nesilden-nesile geçip gelýän özboluşly däp-dessury bütindünýä görkezmek maksady bilen döredildi. 
Türkmeniň Alabaý iti Aşgabat – 2017 oýunlarynyň Tumary hökmünde saýlanyp alyndy. Ol batyrgaýlygy, wepadarlygy, çalasynlygy bilen özüne çekiji bolup, oýunlaryň okgunlylygyny ýaýmaga we dürli ýaşly we hünärli adamlarda Türkmenistana gelip görmäge isleg döreder.

Oýunlaryň şygary
Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça   V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşmesiniň we Türkmenistanyň Magtynguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan “Sport - ýokary sepgitlere tarap” ady bilen Oýunlara şygar saýlamak maksady bilen bäsleşik geçirildi. 
Bu bäsleşik ýaşlaryň arasynda sporta bolan höwesi artdyrmak, şeýle hem sport we bedenterbiýe hereketine köpçülikleýin gatnaşmaklary, şol bir wagtyň özünde watançylyk duýgularyny güýçlendirmek maksady bilen gurnaldy. Bu hereketleriň esasy maksady häzirki zaman jemgyýetinde parahatçylygyň we asudalygyň hoşniýetli göňşuçylygyň, dost-doganlygyň, şeýle hem sportuň ornuny berkitmek ýaly ýörelgeleri adamlaryň arasynda öňe sürmekden ybarat bolup durýar.
Bu bäsleşige ýurdumuzyň dürli künjeklerinden raýatlardan birnäçe täsirli teklipler gelip gowuşdy we olar iş ýüzünde peýdalanyldy. Olaryň arasyndan saýlanan we ýeňiji teklip hökümnde “Sagdynlyk, ruhubelentlik, dostluk” şygary boldy. Ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşuk Institutynyň mugallymy Kümüş Allabaýewa tarapyndan hödürlenildi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy.

Aşgabat Olympiýa toplumy
Toplumyň infrastrukturasy Olimpiýa stadionynyň daş-töwereginde ýerleşýär we toplumyň ähli desgalaryna päsgelçiliksiz barmagy üpjün edýär.
Aşgabat Olimpiýa toplumy diňe bir uly göwrümli sport çäreleriniň we sportuň dürli görnüşleriniň geçirilýän iň gowy sport merkezleriniň biri bolmagy üçin gurulman , eýsem tomaşaçylar üçin ýokary derejeli desgalarynyň we hyzmatlarynyň bolmagy, şeýle-de ýaýlyma beriş we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi babatynda, sebitde onuň deňi - taýy ýokdur.
Aşgabat Olimpiýa toplumy oýlanyşykly gurlandygy sebäpli, ol ýerden göni ýaýlyma bermek örän ýeňilleşdirilendir. Bu bolsa ýaýlyma beriş toparlary üçin özleriniň ýanlarynda ulag görnüşli göçme stansiýalary ulanmazdan, desgada bar bolan enjamlary ulanmaklary üçin has amatly bolýar. Bu köplenç ulanylýan usul, ýönekeý usul bilen aragatnaşyk ulgamlaryna biriktirip, Türkmenistanyň içinde ýa-da dünýä teleýaýlymlaryna bermäge mümkinçilik döredýär. Bularyň ählisi öňde baryjy pikirleriň we tehnologiýalaryň ulanylandygyny aňladýar. 
Olimpiýa şäherjigine goňşuçylykda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri, ýagny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet medeniýet instituty, Döwlet serhet gullugy akademiýasy we Türkmenistanyň milli sport we syýahatçylyk instituty ýerleşýär. Bu bolsa, geljekde toplumyň sport desgalaryny okuw-türgenleşik binýady hökmünde netijeli ulanmaga mümkinçilik berer.
Ýapyk sport desgalarynda oňaýly şertleriň döredilmegi we olaryň ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilmegi tutuş ýylyň dowamynda dürli derejedäki bäsleşikdir ýaryşlary geçirmäge we ýerli sport söýüjilrine türgenleşmäge mümkinçilik berer.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň türgenler şäherçesi Olimpiýa toplumyna ýakyn ýerde ýerleşýär, ýaryş geçirilýän we türgenleşik desgalary hem ýakyn ýerde ýerleşýär we 5500-den gowrak türgenleri, 1,750 topar wekillerini, 700-den gowrak resmi wekilleri, 1,170 tehniki işgärleri kabul eder. 
Toplumda iki sany 5 ýyldyzly myhmanhana bar we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wekilleriniň 800-sini, köpçülikleýik habar beriş serişdeleriniň 350 agzasyny we ýaýlyma beriş toparynyň 600 agzasyny kabul eder. 

Meýletinçiler
Türkmenistanyň milli Olimpiýa komiteti 2014-nji ýylyň mart aýynda maýletinçileri saýlamak boýunça bäsleşik geçirdi, soňra şol meýletinçiler Soçide geçirilen Gyşky Paralimpiýa oýunlarynyň dowamynda gurnalan halkara tälimçilik okuwyna gatnaşdylar.
Meýletinçilik okuwynyň esasy maksady, dürli milletleriň, dinleriň wekilleriniň parahatçylykly ýaşaşmaklaryny öňe sürmekden ybarat boldy. Meýletinçilik okuwynyň 2007 – nji ýylyň “Parahatçylygy goldaýan nesiller” (Generation for Peace) atly gurama Onuň aly Hezreti Şazada Faýsal Jordan Al-Hussein tarapyndan düýbi tutuldy. Bu çäre däp bolşy ýaly, sportuň üsti bilen parahatçylygy öňe sürmek maksady bilen birnäçe ýurtlary öz içine alýar.
Degişli okuwy geçen türkemen meýletinçileri, bahasyna ýetip bolmajak tejribe we geljekde kömek edip biljek bilim we ukyp gazandylar. 
Oýunlarda hyzmat etjek ilkinji topar 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ýerine ýetirji komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institurynda geçirilen meýletinçilik okuwynda guraldy. 
Türkmen meýletinçileriniň topary 2015-nji ýylyň iýun aýynda Bakuwda geçirlen ilkinji Ewropa oýunlaryna iberildi. Ol ýerde meýletinçiler dürli ýaryş geçirlen sport desgalarynda, türgenler şäherçesinde we doping barlagy bölüminde işlediler. Häzirki wagtda meýletinçiler merkezi Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde guraldy we üstünlikli iş alyp barýarlar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň meýletinçileri ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat bolup, olar esasan 18 -22 ýaş aralygynda bolar, ýöne birnäçe kadadan çykma bolar şolaryň arasynda ýaşlar maksatnamasy (16-18 ýaş aralygy) ol hem Türkmenistanyň Milli Federesiýalary tarapyndan amala aşyrylar.

Oýunlar Akademiýasy
Türkmenistanda ilkinji halkara köp ugurly sport çäresiniň geçiriýändigi mynasybetli Ýerine ýetiriji komitet Aşgabat – 2017-niň oýunlary üçin täze işgärleri işe kabul edýär. 
Aşgabat – 2017-niň Oýunlar Akademiýasy - bu türkmen raýatlaryny işe almagy we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Oýunlar Akademiýasynyň bilim maksatnamasy geljekde uly çäreleri geçirmek üçin galdyrylýan mirasyň bir bölegi hökmünde Ýerine ýeitiriji komitetiň işgärleriniň ukyp -başarnyklaryny we Oýunlar baradaky bilimlerini artdyrar. 
Oýunlar Akademiýasy Aziada taýýarlyk görmek işlerini amala aşyrmak üçin 400 adamy işe alar. Olar halkara hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda işlär we uly göwrümli çäreleri guramaga degişli meýilnamalary amala aşyrmak işlerinde tejribe alarlar. 

Synag ýaryşlary
2016-njy ýylyň maý aýynda Guramaçylyk komiteti Milli Olimpiýa komitetiniň 400-den gowrak gatnaşyjylary üçin sambo boýunça Aziýa çempionadyny geçirdi. Bu ýaryşa gatnaşan ýurtlaryň arasynda Türkemenistanyň sambo boýunça ýygyndy topary birinji ýere mynasyp boldy, Özbegistanyň ýygyndy topary bolsa ikinji ýere, Gazagystanyň ýygyndy topary üçünji ýere mynasyp boldy. 3x3 basketbal synag ýaryşy 2016-njy ýylyň 5-6 –njy noýabry aralygynda geçirildi we Jiu-jitsu synag ýaryşy bolsa 2016-njy ýylyň dekabr aýynyň 7-12 aralygynda geçirildi. Bu çäreleri geçirmek desgalary barlamaga mümkinçilik berdi we meýletinçileriň iş meýilnamasyny kämilleşdirmekde we tälimçilik etmekde wajyp tapgyr boldy. 


Salgylanmak üçin internet sahypasy www.Ashgabat2017.com
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüz tutmak üçin Media@Ashgabat2017.com