Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Bitaraplygyň 20-ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2015-nji ýylyň 12-nji martynda Nýü-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Bitaraplygyň 20-ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Onuň işine Nýü-Ýorkda wagtlaýyn ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary, ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary hem-de ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.