TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ GELJEGI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary Ýe.Astrahansewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary döwlet derejesindäki işjeň syýasy gepleşikleri barada aýdyp, geljekde gatnaşyklary berkitmekde wajyp nyşany bolup durýan, iki döwletiň Ýolbaşçylarynyň arasynda yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklarynyň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary EKSPO-2025 Ählidünýä sergisiniň Ýekaterinburgda geçirilmegine rus islegnamasy bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem taraplar gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda gatnaşyklary berkitmek meýillerini beýan etdiler.