BIŞKEK ŞÄHERINDE «TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy ýurduň ulag we energetika diplomatiýasyny wagyz etmek maksady bilen, N.Isanow adyndaky Gyrgyz döwlet gurluşyk, ulag we arhitektura uniwersiteti bilen bilelikde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly tegelek stoly geçirdi.

Tegelek stola Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili, Bişkek şäherinde ýerleşýän Ilçihanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri,  ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Gyrgyz Respublikasynda bilim alýan Türkmen talyplary gatnaşdylar.

Bu çärede N.Isanow adyndaky Gyrgyz döwlet gurluşyk, ulag we arhitektura uniwersitetiniň rektory A.Abdykalykow, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi, Owganystan Yslam Respublikasynyň Ilçisi M.I.Mesbah, Belarus Respublikasynyň Ilçisi A.Straçko, Gazagystan Respublikasynyň Ilçisi K. Kokrekbaýew, Täjigistan Respublikasynyň Ilçisi S.H.Olimzoda, Özbegistan Respublikasynyň  Ilçihanasynyň geňeşçisi U.Abdyýaminow, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik Akademiýasynyň kafedra müdiri, professor A.Jorobekowa we başgalar çykyş etdiler.

Çykyşlarda taryhda Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň arasynda köpri bolan Beýik ýüpek ýoly, bu ýoluň merkezinde ýerleşen Türkmenistanyň taryhy orny, häzirki wagtda dünýäniň aragatnaşyk giňişligini kämilleşdirmek üçin Bitarap Türkmenistanyň energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleri barada amala aşyrýan iri taslamalary hakynda gürrüň etdiler. Aýratyn hem, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran we Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara demir ýollarynyň Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijileriniň ahmiýeti  nygtaldy.

Tegelek stol tamamlanandan soňra, çärä gatnaşyjylara uniwersitetiň aýdym-saz medeniýet toparynyň çykyşy görkezildi hem-de myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.