Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşigi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussel şäherine iş saparynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Hususan-da, Ýewropa Geňeşiniň başlygynyň daşary syýasat boýunça esasy geňeşçisi Saýmon Mordýu bilen gepleşikler geçirildi.

Taraplar ýaşyl energetika, ulag, tehnologik arabaglanyşyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy gurallarynyň, şeýle-de Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa formatynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň ähmiýeti hem nygtaldy.

Diplomatlar halkara we sebit gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, Türkmenistanyň sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmekde ähmiýetli ony bellenildi.