BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA GEŇEŞI TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLANGYJY BILEN BILELIKDÄKI BEÝANNAMANY KABUL ETDI

2018-nji ýylyň 25-nji iýunynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi Şweýsariýanyň Ženewa ş. geçirilýän 28-nji sessiýasynda  medeni hukuklara ählumumy  hormat goýulmagyna ýardam etmek maksady bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasynyň goranylmagyny höweslendirmek hakynda Bilelikdäki beýannamany kabul etdi.

Bu Bilelikdäki beýannamanyň Türkmenistan bilen bilelikde awtordaşlary bolup 24 sany döwlet çykyş etdi – Owganystan, Albaniýa, Ermenistan, Bangladeş, Belarus, Gruziýa, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan, Kamboja, Kanada, Hytaý, Koreý Halk-Demokratik Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Mali, Maldiw adalary, Mongoliýa, Pakistan, Russiýa Federasiýasy, San-Marino, Siriýa Arap Respublikasy, Sudan, Täjigistan, Özbegistan.

Öz çykyşlarynda BMG-niň agza-ýurtlary Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasynyň goranylmagyny adam hukuklarynyň höweslendirilmeginiň we goragynyň wajyp düzüjisi, şol sanda her bir şahsyýetiň medeni durmuşa gatnaşmaga we medeni mirasyň elýeterlilik mümkinçiligine bolan hukugy hökmünde ykrar etdiler. Halkara parahatçylygy we howpsuzlygyň goldanylmagyna hem-de  ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam etjek birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek şertlerinde gepleşige we hyzmatdaşlyga  medeniýetleriň dürlüligine, geçirimlilige hormat beýan edildi.

Resminamada Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ýadygärlik hökmünde Gündogary Günbatar bilen baglaýandygy, sebitiň medeni mirasyny janlandyrýandygy bellenildi. Beýik Ýüpek ýoly ýurtlaryň hälklarynyň ösüşinde wajyp orun eýeleýär, bu ýoluň çekilmegi bilen siwilizasiýalaryň arasynda öňdendegörüjilikli syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar  ýola goýuldy.

Medeni hukuklaryna we gepleşiklerine, ählumumy hormaty üpjün etmek, halklarň arasynda parahatçylygy we dostlukly gatnaşyklary  üpjün etmek maksady bilen medeni hukuklary çygrynda medeni mirasy goramak boýunça global tagallary baradaky BMG-niň Ýörite habarçysynyň wajyp orny aýratyn bellenildi. Ýurtlar medeni hukuklaryň bozulmagy we hyýanatçylykly peýdalanmagynyň öňüni almak maksady bilen milli, sebitleýin we halkara derejelerinde täzeçil ýollary we öňdebaryjy tejribelerini ýüze çykarmak boýunça işleri makulladylar we döwletleri medeni mirasynyň ýumurlmagynyň öňüni almak üçin bar bolan netijeli gurallary kabul etmäge we kämilleşdirmäge çagyrdylar.

Ýokarda beýan edilenleriň çäginde Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy boýunça medeni hukuklary ugrunda geçiriljek nobatdaky  iş seminaryna täýýarlyk hökmünde Ženewada tematiki çäreleriň birnäçesini gurnamak we äýratyn ünsi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän medeni mirasyny goramaklyga aýratyn ünsi bermek teklip edildi.