HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 23-25-nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu döredijilik çäräni Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk baradaky ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi gurnadylar.

Çärä HHR-nyň hökümet we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri, paýtagtyň häkimliginiň, ylmy-barlag institutlaryň wekilleri, medeniýet işgärleri, Pekinde işleýýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri, Şandun, Şensi we Sinhaý welaýatlarynyň resmi wekiliýetleri, şeýle hem Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Bu döredijilik çäräniň açylyş dabarasynda Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Ýuý Sün çykyş etdi we “Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi Hytaý bilen Turkmenistanyň arasyndaky Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy”, diýip belledi.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyndan soň geçirilen gala-konsert hytaýly tomaşaçylary türkmen saz sungatynyň iň naýbaşy eserleri, tans sungaty, bagşy sungaty we aýdymçylaryň ussatlygy bilen ýakyndan tanyşdyrdy.

 Çäräniň ikinji gününde Hytaýyň paýtagtynyň Merkezi kitaphanasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi açyldy. Şol günüň özünde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk baradaky ministrliginiň we Hytaýyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda “tegelek stol” geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmegiň we giňeltmegiň wajyplygy bellenildi.

 Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde hytaý diline terjime edilen “At-myrat” atly çeper filmi görkezildi. Bu filmiň üsti bilen dostlukly ýurduň ýaşaýjylary türkmeniň atçylyk dessurlary barada, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy howandarlyk etmeginde ahalteke atlarynyň tohumynyň arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada gyzykly maglumatlar bilen tanyş boldular.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet günleri iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy.