ABŞ-NIŇ KONGRESINIŇ WEKILLER PALATASYNYŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-niň Kongresiniň Wekiller palatasynyň daşary işler boýunça Komitetiniň syýasat meseleleri boýunça geňeşçisi Ewerett Praýsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler.

Gepleşikleriň barşynda iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýagdaýy we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlaryndaky türkmen-amerikan özara hereketlerini işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Taraplar şeýle-de bilelikdäki işleriň köpýyllyk oňyn tejribesini nazarda tutmak bilen özara gatnaşyklary giňeltmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdiler. Bu mazmunda yzygiderli esasda geçirilýän hem-de ikitaraplaýyn özara hereketleriň işjeňleşdirilmegiň möhüm guralyna öwrülen syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti bellenilip geçildi. Gepleşikleriň barşynda şeýle-de özara gyzyklanma döredýän derwaýys halkara meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.    

Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça bilelikdäki ädimlerine garadylar, şeýle hem ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän meseleleri maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň gün tertibinde «С5+1» düzüminiň çäginde köptaraplaýyn sebitleýin hyzmatdaşlygynyň meselelerine garaldy.

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmeginiň zerurlygyny belläp, taraplar ony geljekde özarabähbitli esasda giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.