«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISINIŇ BAŞLANMAGY MYNASYBETLI MASLAHAT

2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenabat şäheriniň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisiniň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi mynasybetli maslahat geçirildi.

Bu çärä «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogäpkär ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty täze dünýä derejesine çykarylmagy üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilmeginde orny babatda bellediler. Çykyşlarda bellenilşi ýaly, öňde boljak ralli-reýdiň diňe iri sport wakasy däl-de, eýsem Türkmenistanyň halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de multimodal ugurlaryny döretmek babatda işjeň syýasatyna ygrarlylygynyň nyşany bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda geçirilýän sport çäreleri diňe bir halkyň saglygyny berkitmäge we fiziki hem-de ahlak ruhuny saklamaga gönükdirmek bilen çäklenmän, eýsem ýurtlaryň arasynda sport hyzmatdaşlygyny we doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek bu uly göwrümli awtosport taslamasynyň aýratyn derejesini görkezýär.