TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ IX MEJLISINE GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisiniň binasyna geldi. Bu ýerde Döwlet baştutanyny resmi adamlar, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly we ýerli agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşyladylar.   

Binanyň foýesinde forumyň wekilleriniň we myhmanlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen surata düşmek dabarasy geçirildi. Soňra myhmanlar maslahatlar zalyna geçdiler.

Bu ýere ýygnananlara «Myhmansöýer, güneşli türkmen topragyna – dünýä meşhur ahalteke atlarynyň watanyna hoş geldiňiz» sözleri bilen ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisiniň öz işine başlamagy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz tutuş dünýäde türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy bolan ahalteke atlaryna bolan gyzyklanmanyň artýandygyny, biziň «behişdi» bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmäge isleg bildirýänleriň sanynyň köpelýändigini, türkmen atşynaslarynyň daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen özarabähbitli hyzmatdaşlyklarynyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen belläp geçdi. Assosiasiýanyň Ahalteke atşynaslyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynda eýeleýän möhüm ornuny aýratyn bellemek bilen, Döwlet Baştutanymyz bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalarynyň arasyndaky özarahereketleriň mundan beýläk hem pugtalandyryljakdygyny we kämilleşdiriljekdigini nygtady. 

Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sergi gurnaldy, ol ýerde “ganatly bedewleriň” keşpleri şekillendirilen haly önümleri, şekillendiriş sungatynyň eserleri, portretler we “behişdi bedewleriň” heýkelleri, atlar üçin niýetlenen zergärçilik önümleri we bezeg esbaplary görkezildi.