SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANYP METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynda, üstümizdäki ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi.

Metbugat maslahata Saud Arabystany Patyşalygynda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň, halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, şeýle hem Patyşa Faýsal adyndaky yslamy öwreniş we ylmy-barlaglar merkeziniň, Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary, ýurtda ýaşaýan türkmen kowmunyň we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Metbugat maslahatyň dowamyndaky geçirilen söhbetdeşlikde, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgeleri boýunça ýük gatnawlaryň araçägini we wagtyny gysgaldýandygy, hem-de Ýewropa bilen Azia ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarandygy nygtaldy.