HYRATDA TÜRKMEN-OWGAN GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-17-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriniň ýolbaşylygyndaky türkmen wekiliýeti iş sapary bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherinde boldy.

Türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň Prezidentiniň infrastrukturalar boýunça geňeşçisi, Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň owgan böleginiň başlygy Mohammad Humaýun Kaýuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň maksady Owganystanyň Prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň dowamynda iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary we bu babatdaky işleri durmuşa geçirmekden ybarat.

Duşuşygyň ahyrynda demir ýol we elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalara gol çekildi.