TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY ÝURT DILLERINDE NEŞIR EDILEN KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň türk hem-de ukrain dillerinde çapdan çykan eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu ähmiýetli dabara daşary ýurtlardan gelen myhmanlar, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň,  halkara we milli habar beriş serişdeleriniň  ýolbaşçylary hem-de habarçylary, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de beýleki myhmanlar gatnaşdylar. 

Dabaranyň dowamynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TURKSOY) Baş sekretary Dýusen Kaseinow, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiýasiýasynyň başlygy Wladimir Petruk, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju, Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  Walentin Şewalýow, şeýle hem alymlaryň we mugallymlaryň  çykyşlary diňlenildi.

Çykyş edenler bu kitabyň daşary ýurt dillerine terjime edilmeginiň ähmiýeti barada we onuň many-mazmuny hakynda giňişleýin beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, bu ylmy eseriň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi Beýik Ýüpek ýoly bilen gyzyklanýan daşary ýurtly alymlary üçin hem uly gollanma bolup hyzmat etjekdigi hakynda aýratyn belläp geçdiler.