TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Liberal-demokratik Partiýasynyň Daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, ýapon-türkmen parlament dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpeýiň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. 

Gepleşikleriň başynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda ýetilen sepgitler barada pikir alşyp, taraplar dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine we strategiki häsiýetine hem seretdiler. Şeýle-de halkara guramalarynyň çäklerindäki iki ýurduň birek-birege berýän goldawlarynyň möhümliligi barada hem nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary bolan energetika, ulag we suw diplomatiýasy barada belläp, ýapon tarapy Merkezi Aziýada hem-de bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda Türkmenistanyň goşýan uly goşandy hakynda aýtdy.