AŞGABATDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ KONFERENSIÝASYNYŇ 28-NJI MEJLISINE BAGYŞLANAN MEDIA-FORUM ÖZ IŞINE BAŞLADY

2017-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine bagyşlanan media-forum geçirildi. Forumyň işine daşary ýurtly we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bilermenler, halkara guramalaryň wekilleri we degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Hususan-da, foruma gatnaşmak üçin Aşgabada 30-a golaý halkara habar agentlikleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldi. Olar “AzerTaj”, “Rossiýa-24”, “Bernama” (Malaýziýa), Özbegistan täzelikleri, Belarus telegraf agentligi, Anatoly habarlar agentligi, “Çaýna Elektrik Power News” agentligi, Hindistanyň “Doordarshan” milli habarlar agentligi, “Ukrinform” habarlar agentligi we başgalary görkezmek bolar.

Maslahatda Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak, Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministri Ali Ahmad Osmani, Gruziýanyň Energetika ministriniň orunbasary I.Eloşwili, Albaniýanyň Energetika we senagat ministriniň orunbasary I.Beýtýa, Türkmenistanyň Energetika ministri Ç.Pürçekow we ýurdumyzyň degişli ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Media-foruma gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar, hususan-da, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň häzirki zaman hukuk binýadyny döretmek meselelelerini we energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň durnuklylygyny  ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi we nebitgaz ulgamynda häzirki zaman wehimleri ýaly temalara seredildi.

 Media-forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde Türkmenistanyň wajyp ornuny bellediler we bu mesele boýunça giň halkara gepleşikleri ilerletmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň netijeli başlangyçlaryny nygtadylar. Halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri türkmen tarapyna myhmansöýerlik üçin, forumy ýokary derejede geçirmekde edilen tagallalar üçin we onuň işiniň üstünlikli geçmegi üçin iň amatly şertleri döredendikleri üçin özleriniň minetdarlyklaryny bildirdiler.