Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi

Şu ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi geçirildi. Maslahata Konferensiýa gatnaşyjy döwletleriň we synçy ýurtlaryň, iri halkara we sebit guramalarynyň birnäçesiniň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen paýtagty özünde 50 döwletden 200-den gowrak wekili jemläp, dünýä ösüşiniň häzirki ýagdaýyny hem-de meýillerini, şol sanda ählumumy energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iri halkara merkez hökmünde özüniň belent derejesini nobatdaky gezek tassyklaýar.

Türkmen tarapyndan forumyň işine hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar. Maslahatyň açylyş dabarasyna şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň baştutanlary çagyryldy.

Duşuşygyň gün tertibine energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň topary girizildi. Hususan-da, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagyň, şeýle hem Býujet komitetiniň, Senagat boýunça geňeşçi toparyň, Energohartiýasynyň strategiýasy we ony amala aşyrmak boýunça toparlaryň 2017-nji ýylda geçirilen işler hem-de ýakyn geljek üçin meýilnamalar barada habarlary diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň energetika syýasaty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilendir. Biziň ýurdumyz Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda durnukly energetika ulgamynda täze halkara-hukuk guralynyň işläp taýýarlanylmagyny işjeňleşdirmäge ýardam berýän toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika howpsuzlygy hem-de durnukly halkara energetika ulgamyny döretmek ulgamynda köptaraplaýyn resminamalary taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň işine goldaw berýändigini görkezýär.

Duşuşygyň dowamynda ýygnananlar energiýa serişdelerini öndüriji, üstaşyr geçiriji hem-de sarp ediji ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň hukuk ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, dünýä energetikasyny ösdürmek meseleleri hem-de degişlilikde bu strategiki taýdan möhüm pudakda taslamalaryň amala aşyrylmagy üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi ýangyç serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün etmek meselesi bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi ozaly bilen, tebigy gazyň iberilmegine degişlidir, sebäbi ýangyjyň bu görnüşi turbageçirijiler arkaly dünýä bazarlaryna çykarylýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy keşbiniň kemala getirilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň oňyn häsiýeti nygtaldy, häzirki wagtda energetika howpsuzlygy döwletleriň durnukly ösüşiniň, ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirkizaman şertlerinde bu başlangyçlaryň uly gyzyklanma eýedigine “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde orny” atly Rezolýusiýalaryň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilendigi hem şaýatlyk edýär.

Foruma gatnaşyjylar, hususan-da, Gambiýanyň nebit senagaty we energetika ministri Faf Sanýanga, Nigeriýanyň Ylym we tehnologiýalar Federal ministrliginiň Hemişelik sekretary doktor Amina Bello Mahammad Şamaka, BAE-niň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary, doktor Matar Al Neýadi we beýlekiler öz çykyşlarynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň gün tertibine girizilen wezipeleriň möhümdigini bellediler.

Nygtalyşy ýaly, geljegiň ählumumy ösüşiniň umumy ýörelgeleri bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, energetika giňişliginiň häzirkizaman keşbiniň döredilmegi, onuň howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň üpjün edilmegi bilen kesgitlenilýär. Häzirki wagtda bu ulgamdaky gatnaşyklar barha oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Bu ulgama täze gatnaşyjy döwletler, kompaniýalar, halkara düzümler we guramalar çekilýär.

Soňky ýyllarda tehnologiýalaryň çalt depginlerde ösmegi netijesinde energiýanyň çeşmeleriniň gaýtadan dikeldilmegi ulgamynda ýokary ösüşler gazanylýar. Ähli uglewodorod serişdeleriniň hatarynda tebigy gazyň ekologiýa taýdan iň arassa ýangyç serişdesi bolup durýandygy netijesinde onuň energiýany ilkinji sarp ediş bazaryndaky paýy ýyl-ýyldan artar hem-de ýakyn ýyllarda kömrüň ulanylmagyny, uzak geljekde bolsa nebitiň sarp edilişini ep-esli çäklendirer.

Halkara gazgeçirijiler boýunça howpsuz üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek meseleleriniň çözülmeginiň möhümdigine aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşyjylaryň pikirlerine görä, häzirki wagtda dünýä bileleşiginiň öňünde bellenilen maksatlara ýetmek üçin täze usullary işläp taýýarlamak boýunça jogapkärli wezipe durýar.

Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Aşgabatda geçirilýän mejlisine gatnaşýan daşary ýurt bilermenleri, geňeşçileri hem-de iri kompaniýalaryň dolandyryjy wekilleri energetika pudagynda maýa goýumlarynyň töwekgelçiliklerine baha bermek boýunça strategiki çäreler babatynda öz garaýyşlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin teklip etdiler, şeýle hem dünýä energetika bazaryny ösdürmegiň esasy meselelerine we meýillerine seljerme berdiler.