12-nji dekabr - Halkara Bitaraplyk güni

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu waka eziz Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýynyň bardygynyň hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Bu baýramçylygy esaslandyrmak hakynda başlangyç 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan beýan edildi. Şol gün ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk derejesiniň şanly 20 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläpdi. Aşgabatda geçirilen maslahata gatnaşyjylar onuň jemleýji resminamasynda berkidilen teklibi biragyzdan goldadylar. Olaryň hatarynda belent mertebeli myhmanlar hem bardy.

Bu resminamada ýurdumyzyň geçen iki on ýyllygyň dowamynda bu ugurda toplan tejribesiniň möhümdigi görkezilýär. Şol ýyllaryň içinde türkmen Bitaraplygy ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak üçin netijeli gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegiň täsirli guraly hökmünde geljege gönükdirilendigini äşgär etdi.

Wagtyň görkezişi ýaly, Bitaraplyk derejesini kabul etmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjy Milletler Bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolup, geljege gönükdirilen dogry we öňdengörüjilikli çözgüt boldy. Geçen ýyllaryň içinde eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry diňe milli bähbitlere däl-de, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin maksatlaryna, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge netijeli, sazlaşykly çemeleşmäniň ölçeglerine, döwletara gatnaşyklarynyň binýatlyk esasy hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine kybap gelýändigini görkezdi.

Döwletimiz BMG-niň jogapkär, uzakmöhletli hyzmatdaşy bolup durýandygyny, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny görkezip, Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Şu babatda Bitarap Türkmenistan tarapyndan parahatçylyk döredijilikli uly tejribe toplanyldy. Munuň şeýledigine, hususan-da, Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda Täjigistanyň we Owganystanyň içerki dawalaryny syýasy taýdan çözmek boýunça gepleşikleriň geçirilmegi şaýatlyk edýär. Häzir hem bu tejribe Owganystandaky ýagdaýlary parahatçylykly çözmek, ýaragsyzlanmagyň sebitdäki işlerine ýardam bermek, suw-energetika meseleleriniň sazlaşykly çözülmegi, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, döwrüň howply wehimlerine garşy hereket etmek ýaly wajyp meselelerde örän zerurdyr.

 Şu wezipeleriň çözülmeginde 2007-nji ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine ähmiýetli orun berilýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen bu iri düzümiň merkezi edarasy hökmünde Aşgabadyň saýlanyp alynmagy sebitiň ähli döwletleri tarapyndan goldanyldy.

Türkmenistan özüniň halkara – hukuk derejesine üýtgewsiz ygararly bolmak bilen, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirýär, bu dereje ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär.