TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÇARÇUWALY KONWENSIÝASYNA GATNAŞÝAN TARAPLARYŇ MASLAHATYNYŇ 26-NJY MEJLISINE GATNAŞÝAR

2021-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Glazgo şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisi – wajyp halkara forum bolup, onda howanyň ählumumy gyzmagyna garşy bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşylýar we ylalaşylýar.

Iki hepdelik forumda wekiller klimatyň ýaramazlaşmagy bilen bagly meseleleri hem-de BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy bilen bagly mümkin bolan bilelikdäki hereketleri, şol sanda zyňyndylary azaltmak, ýaşyl ykdysadyýeti gurmak, energiýanyň arassa çeşmelerine geçmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle-de howanyň üýtgemegini saklamak boýunça täzelenen meýilnamalar beýan ediler.

Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň bu global foruma gatnaşmagy Türkmenistan döwletimiziň bu meselä örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň, adamzat üçin örän çynlakaý wehime garşy durmak üçin umumy, ylalaşykly çäreleriň kabul edilmeginiň derwaýysdygyna göz ýetirýändiginiň subutnamasydyr.

1995-nji ýylda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny, 2016-njy ýylda Pariž ylalaşygyny, şeýle-de Kioto teswirnamasyny tassyklamak bilen, Türkmenistan öz üstüne ýüklenen ähli borçnamalary gyşarnyksyz berjaý edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň dürli ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän oňyn başlangyçlary möhüm ähmiýete eýe bolýar. Gürrüň, hususan-da, Aşgabatda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny, Aral deňzi sebiti üçin ýörite Maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Hazar deňiziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak ýaly teklipler barada gidýär.