TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AWSTRIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2021-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Awstriýanyň Federal Prezidentiniň we Federal Kansleriniň salamyny ýetirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Awstriýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň — BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki guramalaryň, şol sanda soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe bolan Ýewropa Bileleşiginiň çäginde üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada ähmiýetli pikirler alyşyldy. Söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň işiniň hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti bellenilip geçildi. Şunda senagat, energetika, ulag we ykdysadyýetiň beýleki ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda öňe çykaryldy.

Bu babatda ýanynda degişli internet-saýtynyň hereket edýän hem-de “Galkynyş” žurnaly çap edilýän Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň işi hem-de bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň çykyşlary, türkmen paýtagtynda ajaýyp Wena balynyň yzygiderli geçirilmegi, Aşgabatda we Wenada guralan iki ýurduň Medeniýet günleridir we beýleki döredijilik çäreleri taraplaryň medeni-ynsanperwer ulgamdaky önjeýli hyzmatdaşlygynyň görnetin mysaly bolup durýandyr. 

Gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy, sebit we ählumumy derejede howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge tagallalary birleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşyga Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger hem gatnaşdy.