“MERKEZI AZIÝA – RUSSIÝA” FORMATDA DAŞARY SYÝASAT EDARALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ BÄŞINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatda Daşary işler ministrleriniň bäşinji mejlisi geçirildi.

Mejlise Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Ruslan Kazakbaýew, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Sardor Umurzakow we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow dagylar gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň üstünde durup geçdiler. Diplomatlar şeýle hem sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagy bilen bagly meselelere seretdiler.

Öz çykyşynda döwletara gatnaşyklaryň ýola goýlan oňyn ösüş depginini bellemek bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bu formatyň sebitde hyzmatdaşlygyň has hem pugtalandyrylmagyny üpjün etmekdäki ähmiýeti barada nygtady.

R.Meredow şeýle hem sebitiň howpsuzlygyny saklamak üçin mäkäm şertleriň hem-de ykdysady, söwda, senagat, energetika, ulag, saglygy goraýyş, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlarynda özara bähbitli giň gatnaşyklary alyp barmak üçin mümkinçilikleriň döredilmeginiň möhümdigini belledi.

Owganystandaky ýagdaý barada aýdyp, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy owgan meselelesini çözmek bilen bagly işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň we bu ugurdaky işleriň depginini has hem artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Duşuşygyň ýene bir wajyp temalarynyň biri koronawirus pandemiýasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidentiniň wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibine gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Agzalan teklibiň bu ugurdaky meselelere bilelikde çözgüt tapmak üçin tagallalary birleşdirmekdäki adim boljakdygy bellenildi.