DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNDA BMG-NIŇ ÖM BILEN BILELIKDÄKI TASLAMASYNY DOLANDYRMAK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Akademiýanyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny dolandyrmak boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda 2017-nji ýylda taslamany durmuşa geçirmegiň jemlerine seredildi, şeýle hem 2018-nji ýylda BMG-niň ÖM bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlary bellenildi.

Belli bolşy ýaly 2017-2019-njy ýyllara niýetlenen taslama Döwlet gullugy akademiýasynyň ösüşiniň meýilnamalaryny işläp taýýarlanmagyň, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatlaryny nazara almak bilen okuw maksatnamalarynyň täzelenmegiň, Aziýanyň, Ýewropanyň we GDA-niň döwletleriniň döwlet dolanşygynyň öňdebaryjy mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çygyrlarynda ýardamlaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir.

2017-nji ýyl boýunça işleriň jemlerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylar global bäsdeşliginiň ösüşiniň şertlerinde döwlet we munisipal gullukçylarynyň işini dolandyrmagyň ulgamyny kämilleşdirmegiň strategiki ugur bolup durýandygyny bellediler. Döwlet dolandyryşyň ulgamynda kadrlar tehnologiýalaryny kämilleşdirmek – Döwlet gullugy akademiýasynyň bilim işiniň ýene-de bir wajyp aspekti bolup durýar, sebäbi dolandyryş bilen bagly çözgütleri kabul etmek gönüden-göni bu işe gatnaşýan ygtyýarly hünärmenlere bagly bolup durýar.

BMG-niň ÖM bilen bilelikde taslamany durmuşa geçirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna döwlet gullukçylarynyň innowasion pikirlenişini işjeňleşdirilmegine, olaryň liderlik mümkinçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilim maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga, şeýle hem jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady ugurlarynda dolandyryjy kadrlary ulgamlaýyn taýýarlamaga, gözleg hem-de döredijilik endiklerine eýe bolan işiň ineraktiw görnüşine gönükdirilen mugallymlaryň täze nesliniň emele gelmegine mümkinçilik berer.