TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň duşuşygy boldy. Taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk meselelerini şeýle-hem özara gyzyklanma bildirilýan ähmiýetli halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Tejribede görnüşi ýaly özara hormata esaslanan köptaraplaýyn türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösmeginiň girewi bolan iki Prezidentiň ynamdar gatnaşyklary iki döwletiň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde wajyp orny eýeleýär. Şu jähtden şu ýylda meýilleşdirilýän Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýewiň sapary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn şeýle-hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurdygy bellenilip geçildi. Taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleri işjeňleşdirmegi ylalaşdylar.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky daşary söwda dolanşygynyň ösüşi barada aýdylanda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň işini güýlendirmegiň we bu toparyň nobatdaky mejlisini Aşgabatda geçirmegiň zerurdygy mälim edildi. Şeýle-hem logistikany üpjün etmegiň meseleleriniň gurallaryny döretmegiň we ulag-gämi we demirýol-gämi gatnawlarynyň netijeli mehanizmlerini işläp düzmegiň ýollary arkaly geljekde energetika we ulag ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmäge taraplaryň ikitaraplaýyn gyzyklanmalary bellenilip geçildi.

Taraplar iki döwletiň Hazar deňzinde özara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini, geçen maslahatlarda ýetilen çözgütleriň durmuşa geçirlişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-hem geljek üçin hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny kesgitlediler.

Şeýle hem ylym, medeniýet, bilim we sport ýaly wajyp ulgamlarda döwletara gepleşiklerini ösdürmäge bolan gyzyklanmalar bellenilip geçildi.