SOŇKY HABARLAR
ABŞ-nyň Döwlet sekretary türkmen halkyny Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlady
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna mähirli gutlaglaryny beýan etdi. Döwlet sekretary öz gutlagynda söwda, maýa goýumlar, energetika howpsuzlygy we ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri belledi. Şeýle hem ol emeli aň we sanlylaşdyrma meseleleri boýunça «C5+1» formatynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuna ýokary baha berip, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýada...
Prezident Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Amerikan Lideri öz hatynda Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, bu şanly senäniň çuňňur milli buýsanç duýgusyna beslenýändigini belledi. ABŞ-nyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edendigini hem-de bu baýramyň şatlygyny pa...
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şä...
Посол Туркменистана принял участие в мероприятии по Транскаспийскому торговому маршруту и TRIPP в Нью-Йорке
23 сентября 2026 года Посол Туркменистана в Соединённых Штатах Америки Эсен Айдогдыев принял участие в мероприятии «Процветание через мир: инвестиции в Транскаспийский торговый маршрут и TRIPP», состоявшемся в Нью-Йорке на полях 81-й сессии Генеральной Ассамблеи ООН. На мероприятии, организованном по инициативе Государственного департамента США, выступил специальный посланник Президента США Стив Уиткоф. Встреча прошла под председательством старшего советника Арье Лайтстоуна, который также выс...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Mihael Harms Gahryman Arkadagymyza duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de Germaniýada Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle-de ol pursatdan peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federa...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapary amala aşyrdy. Düsseldorf halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Germaniýanyň we Türkmenistanyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Soňra Gahryman Arkadagymyz Kronenberg şäherindäki “Pilbergen” atçylyk-sport toplumyna ugrady. Atçylyk-sport...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine garadylar. Hususan-da, halkara guramalarynyň, ilkinji...