RSS

SOŇKY HABARLAR

2 Maý

TÜRKMENISTAN GOŇŞY OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERDI

2020-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 30-njy aprelde gol çekildi. Goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň häkimi we wekilleri türkmen halkynyň adyndan ýollanan kömegi minnetdarlyk bilen kabul etdiler hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýürekden çykýan sag bolsunlaryny beýan e...

DOWAMY
1 Maý

BSG-NYŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri, şeýle-de BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasynyň başlygy gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar dünýä ýurtlarynyň ählisiniň koronawirus pandemiýasyna g...

DOWAMY
30 Apr

KHBS ÜÇIN HABAR

30-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň döwletara özarahereketleriniň möhüm guraly bolup durýandygy bellenilip geçildi. Häzirki ýagdaýlarda özara go...

DOWAMY
30 Apr

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 30-njy aprelinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-ýapon komitetiniň işiniň çäklerinde wideo-konferensiýa arkaly gepleşikler geçirildi, oňa Komitetiň başlyklary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we «Itoçu Korporeýşn» kompaniýasynyň Dolandyryjy ýerine ýetiriji direktory, Ulaglar we enjamlar kompaniýasynyň Prezidenti Hiroýuki Subaý dagylar gatnaşdylar. Taraplar ýokary döwlet hem-de hökümet derejesinde alnyp barylýan Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky...

DOWAMY
30 Apr

KHBS ÜÇIN HABAR

2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.   Şunuň bilen baglykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda düýn geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda...

DOWAMY
29 Apr

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hasan Ruhani mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli birek-birege gutlaglaryny aýdyp, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda netijeli döwletara g...

DOWAMY
29 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-GERMAN IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri we german tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Naýthart Höfer-Wissing gatnaşdylar. Taraplar Türkmenistan bilen GFR-yň arasyndaky däp bo...

DOWAMY