RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI” KITABYNYŇ GRUZIN DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2020-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň gruzin dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda neşir edilen bu kitap, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini alamatlandyrmak bilen, gruzin dilli okyjylar üçin özboluşly sowgat we gollanma boldy.  Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzy...

DOWAMY
pic
4 Dek

AKINA ŞÄHERÇESINDE TÜRKMEN TARAPYNYŇ GOLDAW BERMEGINDE TÄZE METJIT GURULDY

Şu gün, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň noýabrynda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu karar Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, şol sanda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň...

DOWAMY
pic
4 Dek

TÜRKMENISTAN ÝHHG-NIŇ ÇÄKLERINDE YNSANPERWERLIK UGRY BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK ETMÄGE YGRARLYDYR

ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisinde demokratiýanyň, kanunyň hökmürowanlygynyň we şahsy erkinligiň gymmatlyklarynyň saklanylmagy boýunça bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri has demoktarik we parahatçylykly ýewroatlantiki hem-de ýewraziýa sebitiniň döredilmegi ugrunda çykyş edýän ÝHHG-niň çäklerindäki işleriň ynsanperwerlik ölçeglerine aýratyn üns berdi. Ministr Meredow ÝHHG-niň çäkler...

DOWAMY
pic
4 Dek

TÜRKMENISTAN ÝHHG-NIŇ PLATFORMASYNDA TEBIGATY GORAMAK WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI MESELELERI BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGINI TEKLIP EDÝÄR

Şu gün, onlaýn görnüşinde geçirilýän ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň mejlisinde çykyş etmek arkaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow tebigaty goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy – ýurtlaryň ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ekologiýa meseleleriniň netijeli we gaýragoýulmasyz çözgütleriniň gözlenilmeginiň zerurlygyny...

DOWAMY
pic
4 Dek

TÜRKMENISTAN INTEGRASIÝA HEREKETLERINDE ENERGETIKANYŇ WE ULAGYŇ ÄHMIÝETLIGINI ÖŇE ÇYKARÝAR

ÝHHG-niň Ministrler geňeşi  Guramanyň öňünde duran derwaýys meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de umumy wezipeleriň çözülmegi üçin netijeli platforma bolup durýandyr. Tirana şäherinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýän ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisiniň birinji gününde durmuş-ykdysady häsiýetli meselelere seredildi.  Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow halkara syýasatynda ähmiýetli orun eýeleýän Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerine mejlise gat...

DOWAMY
pic
4 Dek

ÝHHG-NIŇ MINISTRLER GEŇEŞINDE HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLYLYGYŇ ÜPJÜN EDILMEGI BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ KONSEPTUAL ÇEMELEŞMELERI BEÝAN EDILDI

Şu gün, onlaýn görnüşinde geçirilen ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisiniň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň baştutanynyň howpsuzlyk konsepsiýasy babatyndaky nukdaýnazaryny beýan etdi. Hususan-da, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistanyň konseptual çemeleşmeleriniň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň platformalarynda eden çykyşlarynyň barşynda ençeme gezek...

DOWAMY
pic
3 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NIŇ MINISTRLER GEŇEŞINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Albaniýa Respublikasynyň paýtagty Tiranada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisi wideokonferensiýa görnüşinde öz işine başlady. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi.  Mejlisiň gün tertibi mazmuna baý boldy. Mejlisiň birinji gününde ÝHHG-niň häzirki Başlygynyň we Guramanyň Parlament Assambleýasynyň Prezidentiniň ý...

DOWAMY