TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2022-nji ýyl - Halkyň
Arkadagly zamanasy
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY, DURMUŞ WE MEDENI HUKUKLAR HAKYNDAKY HALKARA PAKTYNYŇ KADALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILIŞI BOÝUNÇA NOBATDAKY MILLI HASABATYNYŇ BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ YKDYSADY, DURMUŞ WE MEDENI HUKUKLAR BOÝUNÇA KOMITETI TARAPYNDAN SEREDILMEGI HAKY
2018-nji ýylyň 1-2-nji oktýabry aralygynda Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komitetiniň (CESCR) 46-njy mejlisinde Türkmenistanyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara paktynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça nobatdaky ikinji Milli hasabaty diňlenildi. Bu çärede Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Saglygy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BILEN GELDI
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Nýu-Ýorka tarap ugrady. Prezidentiň uçary birnäçe sagat uçandan soň, Jon Kennedi adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Howa menzilinden milli Liderimiz sapar wagtynda “Mandarin Oriental” diýen ajaýyp myhmanhanada ýerleşen özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady. Bu kabulhana Manhetteniň merkezinde ýerleşýär. Bu ýerde döwlet...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NÝU-ÝORKDA “TÜRKMENISTAN – ABŞ” IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Ilki bilen “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen gepleşikler geçirildi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, türkmen liderini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady....
AŞGABATDA ABU-NYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISI GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 30-njy sentýabry – 5-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisi we onuň çäklerinde geçirilýän çäreler öz işine başlady. Bu foruma bagyşlanyp “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýöriteleşdirilen sergi gurnaldy. Serginiň açylyş dabarasynda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Sekretary Dr. Javad Mottagi çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ NÝU-ÝORK ŞÄHERINE IŞ SAPARY BAŞLADY
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugrady. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Birşelen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde çykyş etmegine, hem-de Türkmen-Amerikan işewür maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar.
TÜRKMENISTANDA GARAŞSYZLYK GÜNI BELLENILDI
2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenildi. Ýurdumyzyň baş meýdany Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu ýere aşgabatlylaryň müňlerçesi hem-de ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Münberde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝB WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçip, taraplar energetika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň indiki ädimlerine garadylar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp taraplar Türkme...