RUMYNIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşurmak bilen, döwlet Baştutanymyza Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannisiň mähirli salamyny hem-de onuň özygtyýarly ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Rumyniýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Türkmenistanda-da ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna uly üns berilýändigini nygtady.

Söhbetdeşler türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Rumyn diplomaty hoşniýetli sözler hem-de türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, iki döwletiň we halkyň bähbitlerine kybap gelýän hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Nawaly Türkmenistanda diplomatik işine başlamagy bilen ýene bir gezek gutlady we oňa döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda jogapkärli wezipesini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.