TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI NÝU-ÝORKDA GEÇIRILÝÄN BILIMI ÖZGERTMEK BOÝUNÇA SAMMITINE GATNAŞÝAR

2022-nji ýylyň 16-19-njy sentýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň başlangyjy bilen geçirilýän “Bilimi özgertmek boýunça sammitine” gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde bolarlar. Bu maslahatyň bütin dünýäde bilimi kämileşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem pandemiýa sebäpli ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmeklige gönükdirilendigini bellemek gerek. Bu çärä BMG agza döwletler, BMG-niň institutlary, halkara guramalar we agentlikler, alymlar we hünärmenler, raýat jemgyýeti, dürli gaznalar, birleşikler, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň wekilleri “Bilimi özgertmek boýunça sammitiň” birnäçe mejlisine, şeýle hem bilimiň sanly ulgama geçirmek baradaky jemleýji sessiýa gatnaşarlar.