TÜRKMENISTANDA ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MEDENIÝET HEPDELIGI AÇYLDY

2022-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.

Bu Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde guraldy.

“Bitewülikde köpdürlülik” ady bilen geçýän Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik intelligensiýasy, ýaşlar, nusgawy ýewropa sazynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylaryň öňünde gutlag sözi bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Renata Wrubel çykyş etdi.

Diplomat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köp ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk bildirip, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda, medeni, bilim gymmatlyklaryny alyşmakda, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmekde şu gezekki çäräniň ähmiýetini nygtady.

Döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň, myhmanlaryň öňünde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri Mihael Uwe Birhoff hem-de Ion Nawal çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, medeniýetleriň ýakynlaşmagy, döredijilik işgärleriniň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi bolar.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, solistleriň, Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Ýewropanyň nusgawy saz sungatynyň “altyn gaznasyna” giren eserler ýaňlandy.

Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynda konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary, maslahatlar, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de giň köpçülik üçin okuw maslahatlary bar.

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly ýapylyşy we saz toparlarynyň konserti bolar.