AŞGABATDA BITARAPLYGYŇ DOSTLARY TOPARYNYŇ ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda gibrid görnüşinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň ilkinji ministrler mejlisi geçirildi.

Topar 2020-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredildi we häzirki wagta çenli oňa 20-den ýurt goşuldy. BMG-niň ýanynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi halkara syýasy ýagdaýy gowulandyrmak, çaknyşyklaryň öňüni almak we olaryň sebäplerini we netijelerini ýok etmekde bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça giňişleýin köptaraplaýyn gepleşikleri ýola goýmak we ösdürmek üçin bitaraplyk edarasyndan peýdalanmak esasy çäreleriň biri bolup durýar.

Türkmenistan Bitaraplygyň dostlary toparynyň üçin bitaraplyk ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklarynda ilerledilmegi we parahatçylyk, özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin yzygiderli duşuşyklary durnukly syýasy-diplomatik mehanizmleriň işlenip düzülmegine getirýar diýip Türkmenistan hasap edýär.

Toparyň ýokary derejeli mejlisinde ählumumy parahatçylygy we howpasuzlygy berkitmekdäki gural hökmünde bu köptaraplaýyn dialogyň görnüşini we işiniň ugurlaryny anyklamak boýunça ädimlerine seredildi.

Toparyň işiniň ugurlary we görnüşleri boýunça ähli teklipler mejlisiň Jemleýji Jarnamasynda jemlenendir.