TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçuk bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany mübärekläp, strategik hem-de köpugurly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz, öz gezeginde, Russiýanyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp, ähli ugurlar boýunça giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýalar, logistika ulgamlarynda, obasenagat toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw hojalygy, ekologiýa ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Däp bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara hem uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Bu ulgamyň ösdürilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň täze, döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak barada birnäçe resminamalara gol çekendigini belledi. 

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçuk taryhyň dowamynda kemala gelen, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň iki tarapyň hem hoşniýetli erki esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.