TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNYŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 19-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany döwlet Baştutanymyz garşylady.

Belent mertebeli myhmana türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyk gelýän hormat-sarpa bildirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş Ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Myhman döwlet Baştutanymyza, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmen halkyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi.

Nygtalyşy ýaly, BAE-de Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şol sanda deňhukuklylyga, özara bähbitlilige esaslanýan uzak möhletleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BAE-niň ýokary wezipeli wekilini Aşgabatda görýändigine şatdygyny aýdyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna öz adyndan hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň 21-22-nji noýabrynda BAE amala aşyran resmi saparyny, şeýle hem hormatly Arkadagymyzyň ýakynda Abu-Dabi şäherine amala aşyran saparyny we onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi we iki ýurduň arasynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň, hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň toplanandygy nygtady. 

Syýasy-diplomatik ulgamda, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň ugry boýunça türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň özara düşünişmek we hormat goýmak esasynda ösdürilýändigi bellenildi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty özüniň häzirki derejesinde Gündogar - Günbatar we Demirgazyk - Günorta ugurlary boýunça halkara ähmiýetli iri ulag merkezleriniň biri bolup durýar. Ol Birleşen Arap Emirlikleriniň çäklerindäki portlar bilen logistik baglanyşygy ýola goýmagyň maksatlaryna doly laýyk gelýär. Munuň özi portlary dolandyrmak we logistik hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda ýöriteleşen kompaniýalar üçin bähbitli taslama bolup biler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bar bolan kuwwaty doly derejede ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş Ýinistri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen mähirli hoşlaşdy.

Soňra belent mertebeli myhman hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, paýtagtymyzdan ugrady.