ABŞ-DA ÝETIP GELÝÄN TÜRKMENISTANYŇ MILLI BAHAR BAGYŞLANAN BIRNÄÇE ÇÄRELER GEÇIRILDI

Şu ýylyň 11-12-nji martynda Waşington ştatynyň Sietl şäherinde (ABŞ) Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň gatnaşmagynda ýetip gelýän Türkmenistanyň Milli bahar baýramyna bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi.

Hususan-da, agzalan senede Sietl şäherinde dabaraly baýramçylyk çäresi geçirilip, oňa ABŞ-da ýaşaýan türkmen diasporasy, Waşington ştatynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, işewür toparlarynyň agzalary, bu ştatda ýaşaýan beýleki milletleriň wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylykda türkmen ýaşlary türkmen milli tanslaryny we aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Bu çäräniň çäginde myhmanlar üçin Türkmenistanyň taryhyny we medeniýetini tanadýan halk sungat eserleri, senetleri we el işleriniň sergisi guraldy.

Şeýle-de, 12-nji martda ýetip gelýän Milli bahar baýramy mynasybetli futbol ýaryşy geçirildi. Sport çäresine Waşington ştatynyň dürli bilim ojaklaryna okaýan talyp ýaşlardan ybarat toparlar gatnaşdylar.