TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN KUWEÝT DÖWLETINE GELDI

2018-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine resmi sapary başlandy. Prezidentimiziň uçary belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen, El-Kuweýt şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülip dur. Oglan we gyz Türkmenistanyň Prezidentine gül desselerini gowşurýarlar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşylaýarlar.

 Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Kuweýt Döwletiniň Emiriniň «Baýan» köşgüniň Maslahatlar merkezine ugrady. Bu ýerdäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi taýdan garşylanyş dabarasy geçirilip, mahsus bolan hemme hormatlar bildirildi.

Türkmenistanyň we Kuweýtiň Döwlet senalary dabaraly ýaňlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Kuweýtiň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen, Emir Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahy bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýarlar.

Soňra Maslahatlar merkeziniň uly mejlisler zalynda iki ýurduň wekiliýetleriniň giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirildi. Halkara derejedäki hyzmatdaşlygy ösdürmekde biz, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelýän bilelikdäki hereketlere ýokary ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Kuweýtiň Emirine Türkmenistanyň garaýyşlaryny we öňe sürýän halkara başlangyçlaryny, şol sanda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde energiýa howpsuzlygy we ulag-üstaşyr geçelgeleri barada öňe sürýän möhüm tekliplerini we başlangyçlaryny goldaýanlygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky meselä degip geçip, munuň diňe bir milli we ikitaraplaýyn bähbitler däl-de, eýsem, dünýä hem-de sebit ykdysadyýeti üçin hem uly ähmiýete eýe bolan ösüşlere ýetirmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.

Şu nukdaýnazardan, uzak möhlete gönükdirilen, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary giňden ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, Türkmenistanyň we Kuweýtiň Baştutanlary ýangyç-energetika pudagynyň we işläp çykaryş kuwwatlyklarynyň mümkinçilikleriniň tejribe alyşmakda we ony netijeli ulanmakda uly esas bolup durýandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň we Kuweýtiň öz sebitlerinde geografik taýdan örän amatly ýerleşýändikleri babatda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösmegi üçin zerur şertleriň döreýändigi, şonuň üçin hem bu ulgamy ösdürmekde mümkinçilikleri birleşdirmegiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýene-de bir esasy ugurlarynyň biri bolup biljekdigi bellenildi.

 Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek bilen bir wagtda telekeçilik ugry boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak, netijeli pudaklarda özara maýa goýuma esaslanýan bilelikdäki kärhanalary döretmek meselelerine hem üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyzda daşary ýurt maýasyny goýmak üçin örän oňaýly şertler, şol sanda, ygtybarly halkara-hukuk binýady döredildi. Agzalan möhüm pudaklardan başga-da Türkmenistanda metallurgiýa, dokma senagaty, gaýtadan işleýän we syýahatçylyk pudaklary babatda hem taslamalar amala aşyrylýar.

Şeýle mümkinçilikleri nazara almak bilen, telekeçilik aragatnaşyklary boýunça bilelikdäki işçi topary döretmek, şeýle hem ýakyn wagtda ikitaraplaýyn söwda we maýa goýum boýunça işewürlik maslahatyny we sergisini geçirmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleriň geçirilmegini Aşgabat öz üstüne almaga taýýar.

Şeýle hem Kuweýtiň Emiri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň we Kuweýtiň ikitaraplaýyn we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen esasy çäreleriň biri hökmünde hökümetara toparyň döredilmeginiň hem-de işe başlamagynyň zerurdygy baradaky pikirini goldady. Bu toparyň mejlisleriniň çäklerinde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli meselelere seretmek we pikir alyşmak mümkin bolar. Hyzmatdaşlygyň şeýle usulynyň işe girizilmegi bilen özara bähbitli mümkinçiliklere has giň ýol açylar.

Ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdylanda, ylym we bilim, sungat we döredijilik ýaly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlygy ýola goýmak örän möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-kuweýt döredijilik festiwalynyň geçirilmeginiň ýerlikli hasaplanýandygy we ony ikitaraplaýyn Medeniýet günleri bilen utgaşdyrmak barada teklip aýdyldy.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-kuweýt toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Diplomatik we gulluk/ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Saud Al-Nasser Al-Sabah adyndaky Diplomatik institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Söwda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kuwait Petroleum Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Sungat we medeniýet ulgamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Kuweýt Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

 Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen Arap ykdysady ösüşi üçin Kuweýt gaznasynyň arasyndaky tehniki ýardamy bermek hakyndaky bilelikdäki resminamany kabul etdiler.

 Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Al Jahran” kabulhanasynda Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri, Arap Ykdysady ösüşi boýunça Kuweýt Gaznasynyň dolandyryjylar Geňeşiniň başlygy Şeýh Sabah Haled Al-Hamad Al-Sabah bilen duşuşyk geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt Döwletine resmi sapary dowam edýär.