MASYH MAKSATNAMASYNYŇ ENERGETIKA UGRY BOÝUNÇA UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

2018-nji ýylyň 13-nji martynda Aşgabatda Aziýanyň ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH)” maksatnamasynyň energetika ugry boýunça utgaşdyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady.

 Maslahata Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, BMGÖM-niň hem-de ÝUSAID-niň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine MASYH-nyň işiniň gündelik ugurlaryny seljermek, energetika ulgamyna ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, iş meýilnamasyna syn bermek we Merkezi Aziýa sebitinde hem-de dünýäde energetika pudagynyň ösüşini çaklamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberlerini artdyrmaga hem-de olaryň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen meýilnamalaryna we anyk hereketlerine MASYH maksatnamasyna gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berilýär.

Ýygnananlar şu Aşgabat duşuşygynyň MASYH maksatnamasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

14-nji martda Aziýanyň ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH)” maksatnamasynyň energetika ugry boýunça utgaşdyryjy komitetiniň mejlisi dowam etdiriler.