TÜRKMENISTANYŇ ABŞ-DAKY ILÇIHANASYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ SAÝLAWLARY GEÇIRILÝÄR

2023-nji ýylyň 26-njy martynda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda raýatlarymyzyň saýlawlara gatnaşmak hukuklaryny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Saýlawçylar  saýlaw uçastoklarynda ses bermekleri üçin ähli şertler üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, öňünden ses bermek 2023-nji ýylyň 16-njy martyndan başlandy. Bu prosedura, ilkinji nobatda, iş saparlarynda ýa-da dynç alyşda syýahat edýän raýatlar, şeýle hem saýlaw güni ýagny 26-njy martda saýlaw uçastogynda ses berip bilmeýänler üçin göz öňünde tutuldy.

ABŞ-nyň Waşington şäheri, Wirjiniýa, Merilend we ABŞ-nyň beýleki ştatlarynda ýaşaýan raýatlarymyz hem saýlawlara işjeň gatnaşýarlar. Olar Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynda açylan 2-nji saýlaw uçastogynda ses berýärler. Öňden ses bermekligiň netijesinde agzalan uçastokda hasaba alnan raýatlaryň 86 göterimi seslerini berdiler. Saýlawlar 26-njy martda ýerli wagt bilen sagat 19:00-a çenli dowam eder.