TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ PALATALAR WE BIRŽALAR BIRLEŞIGINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk boýunça soňky ýyllarda baý we oňyn tejribe toplanandygyny aýtdy. Bu bolsa türkmen-türk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna mümkinçilik berýär.

Doganlyk ýurduň kompaniýalarynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň ösüşine we döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşmagynyň türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýändigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm görkezijilerine ünsi çekdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ägirt uly mümkinçilikleri bolan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Onuň dowamynda özara haryt dolanyşygyny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döredýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen milli ykdysadyýetleriň möhüm ugurlary bolan ýangyç-energetika, himiýa senagaty, dokma we azyk senagaty, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy ýaly pudaklar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny we berk jan saglyk, rowaçlyk, üstünlik baradaky arzuwlaryny beýan etdi.