TÜRKSOÝ-YŇ BAŞ SEKRETARY BILEN MÖHÜM MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

2024-nji ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly” hem-de gadymy türkmen şäheri bolan Änewiň şol ýyl türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etmek boýunça çözgüdiniň kabul edilendigi üçin Guramanyň Baş sekretaryna hoşallyk bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan ähmiýetli senelere bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek boýunça pikir alyşyldy.

Taraplar 2023-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň türki dünýäsi üçin ähmiýetini bellediler. Bu babatda Gurama agza ýurtlarda möhüm çäreleri geçirmek meselelere aýratyn üns berildi, şol sanda, ýokarda agzalan senä bagyşlap Türkmenistanda TÜRKSOÝ-yň Medeniýet günlerini geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.