TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň 70-nji sessiýasyna we Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşmagyna taýýarlyk işleri bilen bagly wezipelere aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Arkadag şäheriniň açylyşy boýunça geçirilýän işler barada pikir alyşyldy, Arkadag şäheriniň tejribesi bilen paýlaşmak we şäheriň BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň çäklerindäki ähmiýetini ösdürmek boýunça mümkin bolan ugurlar kesgitlenildi.