TÜRKMEN-YSRAÝYL GATNAŞYKLARYNY GIŇELTMEK BARADAKY MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministri Eli Koýeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar syýasy we diplomatik meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçdiler. Hemişelik bitaraplyk derejesine yzygiderli eýerýän Türkmenistanyň parahatçylykly we işjeň başlangyçlarynyň çäginde Ysraýyl bilen gatnaşygy dowam etdirmek isleýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ysraýyl döwleti bilen parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini goldaýandygyny aýtdy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmegiň zerurlygy beýan edildi.

Ysraýylyň Daşary işler ministri bu saparyň möhümdigini we Ysraýyl tarapynyň Türkmenistan bilen iki tarapyň hem ileri tutýan ähli ugurlarynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny aýtdy.

Taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmak, şeýle hem hökümetara we pudagara hyzmatdaşlyk gurallaryny döretmek arkaly söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Duşuşykda türkmen tarapynyň oba hojalygy we suw hojalygy, lukmançylyk we innowasiýa tehnologiýalary pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi.

Ysraýylyň dostlukly Türkmenistan bilen, şol sanda, ýurduň Daşary işler ministrliginiň garamagyndaky Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek gullugynyň (Maşaw) üsti bilen tejribe alyşmaga taýýardygy bellenildi.

Taraplar medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Eli Koýen Aşgabada saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilleriniň, ýerli ýewreý kowçumy we metbugatyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda Ysraýyl döwletiniň Ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.