AŞGABATDA TÜRKMEN-EÝRAN IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 27-nji martynda Aşgabat şäherinde  Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana bolan resmi saparyna gabatlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Milli ösüş meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek iki ýurduň işewürler toparlarynyň nobatdaky duşuşygynyň esasy meselesi boldy.

Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetiň agzalarynyň hatarynda döwlet düzümleriniň, telekeçiligi goldamak baradaky guramanyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, şeýle hem gurluşyk serişdelerini, turbalary, kabelleri, polietileni, oba hojalyk tehnikalaryny, sement, plastik önümlerini öndürýän, dokma senagatynda, energetika, dag-magdan we derman senagaty, söwda, gurluşyk ulgamlarynda, hyzmatlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda inženerçilik-aragatnaşyk, ulag-logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde, ätiýaçlandyryş babatda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň 30-dan gowragy bar. Duşuşyga türkmen tarapyndan esasy ministrlikleriň we edaralaryň, Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary maslahaty açyp, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, taryhy-medeni gatnaşyklara esaslanan, häzirki döwürde mynasyp dowam edýän hyzmatdaşlygyň sazlaşykly häsiýetini bellediler. Bu hyzmatdaşlyk tutuş sebitiň özara bähbitlerine hem-de abadançylygynyň we rowaçlygynyň maksatlaryna kybap gelýär diýip, ýygnananlar bellediler.

Çykyşlarda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hasan Ruhaniniň arasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygy kanagatlanma bilen bellenilip, munuň özi döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim bolar hem-de iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi has-da berkitmäge ýardam eder diýlip aýdyldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdanlar we söwda ministri Mohammad Şariatmadari, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň beýleki wekilleri netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň özara islegleriniň onuň netijeli amala aşyrylmagyny üpjün etjekdiklerini nygtadylar.

Türkmen tarapynyň tanyşdyrmalarynda birek-biregi hormatlamak, özara bähbitlilik we sagdyn bäsleşik ýörelgelerinde dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygy bellenildi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Ol häzirki zaman ulag we senagat düzüminiň, innowasion ugurly gaýtadan işleýän iri önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şu maksat täze kärhanalaryň gurulmagyna hem-de hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge, ähli pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de dolandyrmagyň usullarynyň ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegine uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär.

Goňşy ýurduň wekiliýetiniň agzalary, öz nobatynda, ýygnananlary EYR-nyň ykdysady taýdan ösüşiniň umumy meýilleri bilen tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň Baştutanynyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan açyk we özüne çekiji maýa goýum syýasatyna ýokary baha bermek bilen, işewür toparlaryň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Giň gerimli milli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýtmak bilen, eýran kompaniýalarynyň wekilleri dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.

Maslahatyň ahyrynda özara ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly häsiýetini ýene-de bir gezek belläp, bu ýere ýygnananlar netijeli gatnaşyklar üçin bir bitewi binýady döretmäge çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksadynda şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Maslahatyň çäklerinde iki goňşy ýurduň edaralarynyň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi, Türkmenistanyň we   EYR-nyň Liderleri tarapyndan şu günki gepleşikleriň barşynda kesgitlenilen möhüm wezipeler hem-de täze bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak üçin meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.