Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. 

Söhbetdeşligiň barşynda öňde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary hukuk taýdan berkitmegiň mümkinçilikleri söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy.

J.Kerri Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly häzirki döwrüň möhüm meselesini çözmek we atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uly ähmiýetli işleri geçirýändigi belläp, bu ugurda birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili ählumumy ekologik wehimleriň dünýä döwletleriniň öňünde täze wezipeleri, ozaly bilen, milli meýilnamalaryň hem-de strategiýalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, olara parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça häzirki zaman usullarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly wezipeleri goýýandygy bellediler.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bu ulgamda halkara başlangyçlaryň we ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar, şeýle hem degişli konwensiýalaryň we şertnamalaryň milli derejede ornaşdyrylmagy boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda Glazgoda geçirilen “COP-26” maslahatynyň dowamynda biziň ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasy boýunça başlangyjy goldaýandygyny we onuň düýpli öwrenilmegine gyzyklanma bildirýändigini mälim edendigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu mesele boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi.