Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy

2023-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy. Bu ýerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär.

Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan köpugurly türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine garamaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz adyndan we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýokary wezipeli ýolbaşçysyny Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni bilen gutlady we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana we dostlukly döwletiň ähli halkyna bagtyýarlyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi. 

Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle hem şu gezekki Ählumumy foruma işjeň gatnaşandygy we türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, Dubaý şäherinde geçýän COP28 maslahatynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu maslahat şu ýylyň ähmiýetli halkara çäreleriniň biri boldy. 

Döwlet Baştutanymyz sammitde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň möhümdigini nygtap, ýokary derejeli duşuşykda öňe sürlen başlangyçlaryň howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. 

Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler ýolunda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine BAE-de tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belläp, emirlikler tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. 

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri birek-birege berk jan saglyk we rowaçlyk, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Agşam Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy. BAE-niň döredilmeginiň 52 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.

Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Watanymyza ugrady.