Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly döwletiň guralýan her bir duşuşygyň ýa-da gepleşikleriň, ilkinji nobatda, türkmen hem-de özbek halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, uzak ýyllaryň dowamynda ýokary, döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, netijeli, şol bir wagtyň özünde, dostlukly syýasy dialog ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi beriji güýçdür. Iki ýurduň Liderleriniň hem-de ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklarynyň dowamynda türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere garalýar.

Geçmişde biziň ýurtlarymyzyň çäklerinden geçip, asyrlaryň dowamynda Aziýany we Ýewropany baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly baradaky meseleler pikir alyşmalaryň esasy ugurlarynyň biri boldy. Türkmenistan we Özbegistan bu ýoluň merkezinde ýerleşmek bilen, şu günki günde taryhy geçelgäniň dikeldilmegi, onuň ägirt uly mümkinçilikleriniň häzirki zaman şertlerinde peýdalanylmagy ugrunda uly tagalla edýärler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem ulag we energetika ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tamamlanyp barýan ýylyň türkmen-özbek gatnaşyklarynda möhüm wakalara baý bolandygyny we olaryň halklarymyzyň arasyndaky üýtgewsiz dost-doganlygyň aýdyň beýanyna öwrülendigini kanagatlanma bilen belläp, ýetip gelýän 2024-nji ýylda hem ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ozalkylary ýaly okgunly depgine eýe boljakdygyna, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.