Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2024-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereketde, pida bolanlaryň maşgalalaryna we dostlaryna duýgudaşlyk hem-de goldaw sözlerini aýtdy we ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu pajygaly waka zerarly Eýranyň Baştutanyna we doganlyk eýran halkyna çuňňur gynanjy ýetirildi.

Pursatdan peýdalanyp, Eýranyň Prezidenti öz adyndan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna pajygaly waka zerarly goldaw we medet beriji sözleri üçin hoşallygyny ýetirmegini haýyş etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini bellediler.

Ýangyç we energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, ýeňil senagat, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.