Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary başlady.

Abu-Dabi şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini BAE-niň energetika ministri Suhail Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

 

Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen duşuşdy. Ol BAE-niň Türkmenistan bilen ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly we ýokary depginde ösmegini üpjün etdi.

Türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — daşary ýurt döwletleri hem-de oňyn iş tejribesine we innowasion işläp taýýarlamalara eýe bolan aýry-aýry kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygy nygtaldy.

Söwda-ykdysady, bank-maliýe, ýangyç-energetika ulgamlary türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

 

Günüň ikinji ýarymynda BAE-niň Prezidentiniň “Al Şati” köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda BAE-niň Prezidenti ähli ugurlar boýunça uly mümkinçiliklere eýe bolan köpýyllyk döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi, şeýle hem Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän möhüm goşandyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany ýaňy-ýakynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

BAE-niň Prezidenti Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, ýurdumyzyň öňe sürýän, durnukly hem-de ählumumy ösüşe gönükdirilen ähli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.

Umumy pikire görä, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitet hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary depginli ösdürmekde möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ulgamlarynyň hatarynda energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlar bar. Şunuň bilen baglylykda, geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek babatda täze, anyk başlangyçlary beýan edip, tiz wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin, olaryň emirlikler tarapyndan doly goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi.

Ylym, medeniýet, sport ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns berildi.

Şunlukda, ozal gazanylan ylalaşyklar seljerilip, degişli karara gelindi.

Duşuşygyň ahyrynda Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

 

Şol gün Arkadag BAE-ne sapar bilen gelen hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş duşuşygyny geçirdi.

Duşuşygyň gün tertibi ýangyç we energetika pudagynda, ulag pudagynda, şeýle hem Türkmenistanyň ulag- üstaşyr mümkinçiliginden netijeli peýdalanmak, maliýe we bank işlerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini öz içine aldy.

 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary dowam edýär.