ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

R.Meredow duşuşygy açmak bilen, ÝUNESKO-nyň işleri barada pudagara toparyň çäginde 2023-nji ýylyň dowamynda alnyp barylan anyk işleriň netijeleri barada durup geçdi we geljekde amala aşyryljak işleriň ileri tutulýan ugurlaryny belledi.

Duşuşykda 2023-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 4 sany halkara resminama gol çekilendigi, türkmen halkynyň baý medeni we tebigy mirasyny gorap saklamaga, olaryň halkara derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň geçirilendigi barada bellenildi.

Türkmenistanyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça geçirilen bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesi» hem-de «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary, «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň degişli düzüm birliklerindäki wekilçiligini artdyrmaga gönükdirilen işleriň çäklerinde guramanyň Bedentertiýe we sport baradaky Hökümetara komitetine (CIGEPS) 2023-2027-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanyldy.

Şeýle-de, ÝUNESKO-nyň UNITWIN maksatnamasy hem-de Assosirlenen mekdepler tory ugry boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde ÝUNESKO kafedralary açyldy we orta bilim mekdepleriniň 6-sy Guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy UNESCO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edildi.

Geçen ýylda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» maksatnamasynyň Halkara sanawyna we Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda bu Gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar mejlisiň gün-tertibinde duran möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar we 2024-nji ýylda ÝUNESKO bilen bilelikde geçirilmegi göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk görmegiň ähmiýetine üns çekdiler.

Mejlisiň barşynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.