Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky ýapon deputatlary bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Bu ugurda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň wajypdygy bellenildi.

Daşary işler ministri Türkmenistanyň daşary syýasatynda parlament diplomatiýasyna wajyp orun berilýändigini bellemek bilen parlament aragatnaşyklary mundan beýläk-de depginli ösdürmek ugrunda ýaşlaryň parlamentara hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigine üns çekdi.

Şeýle hem, netijeli pikir alyşmak üçin taraplar 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Tokio we ýapon parlamentarileriniň Aşgabat şäherine saparlaryny guramak barada ylalaşdylar.